Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
02.07.2024

1-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.

Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitde galla oragy dowam edýär. Orak möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumy taýýarlanylýar. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Ýygnalan hasylyň kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşalmagy üçin tehnikalaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam edýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak bilen bir hatarda, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görmek işleri utgaşykly geçirilýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz, gysga möhletde ýygnalyp alynmagynyň, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, hasyly kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek, ammarlara we elewatorlara daşamak, bugdaýdan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly üçin ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça işler ýola goýulýar. Şunuň bilen birlikde, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gallaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak, gowaça ideg işlerini talabalaýyk, agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar sazlaşykly işledilýär, gündelik ýygnalýan hasyl galla kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul edilýär hem-de elewatorlara, ammarlara daşalýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak, orakdan boşan meýdanlary sürmek işlerine girişildi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýeralmanyň, azyklyk gök-bakja ekinleriniň ýurdumyzda öndürilýän möçberini has-da artdyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatda bu ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, şu ýylyň güýz möwsüminde olaryň ekilmeli ýerlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda taýýarlamak boýunça işler geçirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işlere ünsi çekdi hem-de galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, welaýatyň gowaça, şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, orakdan boşan meýdanlary sürmek, indiki ekiş möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär. Ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary bökdençsiz ulanylýar. Ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olaryň güýzki ekişine taýýarlyk görmek işleri dowam edýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny, welaýatyň gowaça, şaly ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, bugdaý oragyndan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak, ýygnalan hasyly elewatorlara, ammarlara bökdençsiz daşamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bugdaý hasylynyň gysga möhletde, ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky degişli ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň hilini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary esasynda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ony galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, ammarlara, elewatorlara daşamak, önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, galla oragyndan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň gowaça meýdanlarynda pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek, şu ýylyň güýz paslynda azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki ähmiýetli ornuny belledi hem-de häzirki wagtda bu pudagyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz dowam edýän galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň, ýurdumyzyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň wajyp ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

 

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi