Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady
01.07.2024

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasynyň iň ýakyn dost-doganlyk döwletleriň biridigini we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda ýurtlarymyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.

Iki ýurduň hökümet wekiliýetleri ýygy-ýygydan özara saparlary amala aşyrýarlar. Şeýle hem pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda maslahatlaşmalar we gepleşikler yzygiderli geçirilýär, bu bolsa döwletara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň mart aýynda Antalýa Diplomatiýa forumyna gatnaşmak Türkiýe Respublikasyna saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Onuň çäklerinde gepleşikler geçirildi we ylalaşyklar gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansýöýerlik we döredilen mümkinçilikler üçin türk Liderine ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi