Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanly okuwçylar halkara matematika olimpiadasynda bäş medal gazandylar
01.07.2024

25 ― 30-njy iýun  aralygynda  Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde Ýaş mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen 28-nji Balkan Matematika olimpiadasy geçirildi.

Her ýylda dünýäniň birnäçe döwletlerinden 15,5 ýaşa çenli ýaş zehinli matematikleri bir ýere jemleýän bu olimpiada ylymlaryň şasy hasaplanýan matematika ugrundan dünýäde özüniň ähmiýeti bilen ykrar edilen iri bäsleşik bolup durýar.

Bu olimpiada biziň döwletimiz bilen bir hatarda 22 sany döwletden ýagny, Albaniýa, Alžir Milli Demokratik, Azerbaýjan, Bolgariýa, Kipr, Fransiýa, Gresiýa, Italiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Moldowa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Serbiýa we Türkiýe Respublikalarynyň, Bosniýa we Gersogowinanyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyalygynyň, Rumyniýanyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň we Şwesariýa Konfederasiýasynyň orta mekdepleriniň okuwçylaryndan düzülen toparlarda 130 sany okuwçy etdi.

Biziň döwletimiziň adyndan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan saýlanan zehinli mekdep okuwçylaryň altysyndan hem-de iki mugallymdan ybarat topary gatnaşdy. Has takygy halkara olimpiadada Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň mugallymy Myrat Sapaýewiň we Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň müdiri Rasul Myradowyň ýolbaşçylygynda Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Begli Işanmyradow, şol mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Hemra Gurbanow, Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Myrat Ruslanow, Daşoguz şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 26-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Begenç Gummanow, Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýly Gaýypow, Daşoguz şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 26-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Rahymberdi Döwletmyradow dagylar bäsleşdi.

Ýurdymyzyň mekdep okuwçylary olimpiadada üstünlikli çykyş edip şahsy hasapda Myrat Ruslanow, Hemra Gurbanow, Begli Işanmyradow hem-de Begenç Gummanow dört sany kümüş medala we Aýly Gaýypow bürünç medala mynasyp boldy.