Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Daşkent şäherinde Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň, Işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisleri we «Türkmenistanda öndürilen» atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisi geçiriler
29.06.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 28-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edilen 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol kartasy”) laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň, işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlislerini, “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisini geçirmegiň teklip edilýändigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Özbegistan Respublikasynyň biziň ýakyn hyzmatdaşymyz bolup durýandygyny belledi hem-de Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji mejlisine, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisini hem guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi