Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 28-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini, ähli pudaklarda oňyn görkezijileri üpjün etmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça görülýän çäreler hakynda aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-hojalyk işleriniň deslapky hasaplamalaryna seljermeleriň geçirilendigi barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak barada teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.