Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki» ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
28.06.2024

27-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we bu kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Ýaponiýa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşy bolup durýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan  bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belledi we türkmen-ýapon işewürlik gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykyp, dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi. Olaryň arasynda Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Mary welaýatyndaky karbamid zawodyny we Keletedäki sement zawodyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.

Şeýle-de gurlan desgalary doly güýjünde işletmek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça meýilnamalaryny göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň döreýändigi barada aýdyldy.

— Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin Siziň bu ugurdaky anyk teklipleriňize seretmäge taýýardyrys — diýip, Gahryman Arkadag aýtdy we «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Işewürler wekilçilik edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin we özara bähbitlilik esasda hyzmatdaşlyk edýändigini  nygtap, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigini  hem-de türkmen hyzmatdaşlaryna öz tejribesini, iň täze tehnologik işläp taýýarlamalary hödürlemäge taýýardygyny bellediler. 

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow işewürlere   türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan şahsy goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi