Ýurdumyzyň çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyryna badalga berildi. Şeýlelikde, Gökderedäki "Çeşme", "Nebitçi", "Nesil" hem-de "Şöhle" çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hem bagtyýar körpeler üçin gapylaryny giňden açdylar.
Çagalary dynç alyş merkezlerine ugratmak dabarasy paýtagtymyzda geçirildi. Bu ýerde çagalar aýdym-sazly dabaralar bilen ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki dynç alyş merkezleriniň birinji tapgyryna ýollanyldy.
Täze tapgyr 20 günläp dowam eder. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň garamagyndanky dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomsuň bütin dowamynda şeýle tapgyrlaryň üçüsini guramak meýilleşdirilýär.