Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Burawlaýjylaryň üstünlikli zähmeti
21.06.2024

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda iş alyp barýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň hyzmaty uludyr.

Ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýerleşýän Uzynada meýdançasy Garaşsyzlyk ýyllary içinde ady güneşli ülkämiziň nebitgaz senagatynyň taryhyna giren hazynaly ýerleriň biridir. «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe, Nebitdag, Ekerem, Körpeje buraw işleri müdirlikleri bu ýerde öndürijilikli iş alyp barýarlar. Häzirki wagtda Uzynadanyň 79, 80, 81, 84, 85-nji belgili guýularynda gazuw işleri amala aşyrylýar. Bu meýdançada tebigy baýlygyň möçberini anyklamak boýunça işleriň hem utgaşykly alnyp barylýandygyny bellemek gerek.

Gazuw işleri alnyp barylýan döwürde buraw turbalary, oturtma turbalar, bentonit toýun laýy, ýangyç we suw çekiji awtoulaglar bilen üpjün etmek trestiň «Burnebitgazhyzmat» müdirligine degişli bolup durýar. Müdirlik önümçilik işiniň bökdençsiz bolmagy üçin guramaçylyk çärelerine, bölümleriň utgaşykly işlemeklerine uly üns berýär. Bu bolsa öz miwesini hem berýär.

Uzynada meýdançasynda geçen ýylda gazylan 74, 76, 78, 82, 83-nji belgili guýular häzirki wagtda önüm berip dur.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň arkalaşykly işlemegiň nusgasyny görkezýän kärhanalary özlerine bildirilýän ynamy ödemek üçin öndürijilikli zähmet çekýärler. Uzynada meýdançasynda alnyp barylýan ýokary depginli işler hem munuň bir mysalydyr.