Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konserne degişli “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid” we “Garabogazkarbamid” zawodlaryny bökdençsiz işletmek üçin önümçilikleri çig mal bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegiň, olaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Karbamid öndürýän zawodlar üçin gerek bolan çig mallary satyn almak boýunça işleri dowam etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň karbamid öndürýän zawodlarynyň önümçiligi üçin zerur bolan karbamidli formaldegid konsentratyny satyn almak hakynda» Karara gol çekdi we resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.