Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
10.06.2024

8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy iş saparynyň barşynda bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy hem-de täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri saparynyň barşynda, ilki bilen, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler, şonuň bilen birlikde, şäheriň merkezi künjeginde taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri, olary taýýarlamakda ulanylmagy meýilleşdirilýän ýerli çig mallar barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hasabat berdi.

Görkezilen şekil taslamalaryň hatarynda lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri, ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän pamyklar, saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplar, haltalar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri, hassahanalar üçin zerur bolan enjamlaryň dürli görnüşleri bar.

Şeýle-de bu ýerde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk edaralaryna zerur bolan saglygy goraýyş enjamlarynyň we serişdeleriň her ýylda zerur hasaplanýan möçberleri baradaky maglumatlara degişli çyzgylar görkezildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi