Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Bäş aýda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan meýilnama 102,6 göterim ýerine ýetirildi
08.06.2024

7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan meýilnamanyň 102,6 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi. Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 120,9 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle-de suwuklandyrylan gazy, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň tehniki-ykdysady görkezijileri, mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazy we nebiti çykarmakda öňde goýlan meýilnamalary 100 göterim ýerine ýetirmek, nebitgaz senagatyna degişli kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyna ünsi çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi