Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Daşoguzda «Derkar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan ýaşaýyş jaýlary açyldy
07.06.2024

Ýakynda, ýagny 5-nji iýunda Daşoguz şäherinde täze 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si açylyp ulanmaga berildi. Bagtyýar maşgalalara dabaraly ýagdaýda ýaşaýjylar üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutulan öýleriň açarlary gowşuryldy.

Halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, ýaşaýyş durmuş şertlerini we hilini yzygiderli gowulandyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde, Diýarymyzda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giň gerimli häsiýete eýe boldy. Döwrüň talaplaryny hasaba almak bilen, ýurdumyzda köp gatly, amatly öýleriň gurluşygy dowam etdirilip, şäherlerimizde ähli zerur düzümleri bolan täze ýaşaýyş toplumlary kemala getirilýär. Munuň özi ilatyň şahsy isleglerine we talaplaryna laýyk gelýän oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny saýlap almaga mümkinçilik berýär. Elýeterli ýaşaýyş jaý goruny döretmek, ýaşaýyş jaýlaryny uzak möhletleýin karzlaşdyrmak ulgamyny ösdürmek, paýly gurluşygyň taslamalaryny durmuşa geçirmek bu ugurdaky döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda hususy düzümiň kärhanalarynyň netijeli işleri alyp barýandygyny bellemek gerek.

Täze dört gatly jaýlaryň dördüsi umumylykda 80 öýli bolup, olar welaýat merkeziniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň we Alp Arslan köçesiniň kesişýän künjeginde bina edildi. Olaryň gurluşygy Daşoguz şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Derkar” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy. Giň öýlerde balkonlar hem bolup, beýleki kömekçi otaglar göz öňünde tutulypdyr. Jaýlaryň ýerzemin gatlarynyň dükanlara bölünip berilmegi ýaşaýjylar üçin goşmaça ýeňillikleri döredýär.

Dört gatly jaýlaryň ýene dördüsiniň her birinde 16 öý bolup, olar ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkeziniň Gülüstan şäherçesinde gurlup ulanmaga berildi. Desgalaryň buýrujysy hökmünde şäher häkimligi, potratçysy bolup Daşoguz “Demirbetonönümleri” kärhanasy çykyş etdi. Kömekçi potratçy hökmünde bolsa “Ak bagt” we “Nurly badalga” ýerli hususy kärhanalary çekildi. Täze gurlan binalar Daşoguz şäherinden Görogly etrabyna uzaýan awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Her biri üç we dört otagdan ybarat ýokary amatlykly öýlerde ýaşamak üçin ähli oňaýly şertler döredilipdir. Täze jaýlar şäheriň binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşýar. Olaryň gurluşygynda ýokary hilli, häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri peýdalanyldy. Jaýlaryň töwerekleri abadanlaşdyryldy, ekologik talaplar göz öňünde tutulyp, ýaşyl zolaklar emele getirildi.

Açylyş dabaralaryna Mejlisiň deputatlary, welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Bu gün demirgazyk sebitiň bagtyýar maşgalalary üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Olar uly şatlyk-şowhun bilen jaý toýlaryny toýladylar. Asylly däbe görä, täze binalaryň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken işçi-hünärmenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýygnananlar halkymyzyň abadan durmuşy we Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrundaky hemmetaraplaýyn aladalary üçin döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ähli asylly başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi