Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan Çehiýa bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
05.06.2024

4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýubomir Frebortdan ynanç hatyny kabul etdi.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Lýubomir Frebort hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Çehiýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Ilçi parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hem-de oňyn başlangyçlary bilen halkara derejede uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň belent mertebedigini aýdyp, iki ýurduň hem-de dostlukly halklaryň bähbidine türkmen-çeh hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda doly ygtyýarly wekil Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bu syýasatyň wajyp ugrudyr. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, parlamentleriň derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanylan netijeleriň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ýene-de bir gezek ynandyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi