Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
TESC 2024 ylmy maslahaty: “Innowasiýalar we Ekologiýa arkaly Durnukly Geljege Ýol”
04.06.2024

Iýun aýynyň 5-6-na Aşgabatda geçiriljek TESC 2024 ylmy maslahatyna taýýarlyk soňky tapgyra gadam basýar. Maslahat Bütindünýä daşky gurşawy goramak gününe bagyşlanyp, onuň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyljak mowzuklaryň ähmiýetliligi aýratyn bellenip geçiler we daşky gurşaw we durnukly ösüş barada meselelerine köpçüligiň ünsüni özüne çeker.

Her ýyl Iýun aýynyň 5-ne bellenilýän Bütindünýä daşky gurşawy goramak güni, Ýer şarymyzy gorap saklamak üçin işjeň çäreli görmäge girişmegiň zerurdygyny ýatladýar. TESC 2024 alymlary, derňew geçiriji ylmy işgärleri we hünärmenleri biziň döwrümiziň daşky gurşaw meselelerini çözmek üçin bilelikde işleşmek üçin durnukly geljege tarap möhüm ädim bolar.

TESC 2024 ylmy maslahaty, bütin dünýä tanymal alymlaryny we derňew geçiriji ylmy işgärlerini, şol sanda NASA kompaniýasynyň alymy Dana Çedwigi we Türkmenistanda ekaspedisiýa gatnaşmak sapary bilen bolan “tupan awçysy” Jorj Kurunis, hem-de BMG-nyň we SPE jemgyýetiniň öňdebaryjy inžener – nebitçilerini gatnaşamaga çagyrylar.

Doktor Dana Çedwik - NASA reaktiw hereket ediş laboratoriýasynyň öňdebaryjy ylmy işgäri bolup, ol halkara älem stansiýasynyň bortundan metany ölçemek boýunça taslama ýolbaşçylyk edýär. Doktor Çedwik ekoulgamlaryň, howply zolaklardaky hereketleriň we landşaftlaryň üýtgemegi arasyndaky özara baglanyşyklary derňew edýär. Suratlaryň spektroskopiýasyndan we lazer lokatory bilen peýdalanyp, Doktor Çedwik giňişleýin meýdanlary we laboratoriýa seljermesini geçirýär, ekoulgamlaryň häsiýetleriniň giňişleýin paýlanylmagyny ýüze çykarýar we bu kanunlary çuňňur ösüşleriň gidişi bilen baglaşdyrýar.

Jorj Kurunis, derňew geçiriji ylmy işgär, ylymy arabaglaýjy, alyp baryjy we “tupan awçysy”. 2013-nji ýylda Derweze ýangyn gaz krateriniň düýbüne aýak basan ilkinji adam boldy. Milli igeografiki jemgyýeti tarapyndan meýilleşdirilen we “National Geographic” teleýaýlymy tarapyndan düşürilen ekspedisiýasy, durmuşyň alamatlaryny tapmak üçin krateriň düýbünden toprak nusgalaryny almaga gönükdirilendi. Bu ekspedisiýanyň netijesinde, Jorj Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi, we gözleg geçiriji topary aşa şertlerde ýaşaýan adaty bolmadyk mikroorganizmleriň birnäçe görnüşini tapdy.

TESC 2024 maslahatynda , energiýanyň geljegi, täze tehnologiýalar we uglewodorod ýatakalaryny özleşdirmekde daşky gurşawa bolan talaplary bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşylar. Uglewodorod ýatakalaryny işläp özleşdirmekde daşky gurşawa täsirini azaltmak bilen innowasiýa ugurlaryna, metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmagyň usullaryna, ýaşyl energiýany ösdürmäge we ösüşi üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berler. Şeýle hem gatnaşyjylar, has durnukly we täzelenip bilýän energiýa çeşmelerine geçmäge, türkmen energiýasyny birleşdirmek we dünýä bazarlaryna çykarmak strategiýalaryna, şeýle hem nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmekde kömürturşy gazyny we kükürdi ulanmagyň usullaryna üns bererler.

Şu wagta çenli TESC 2024-e gatnaşmak üçin 31 ýurtdan 250-den gowrak gatnaşyjy üçin hasaba alyndy.