Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeligi geçiriler
03.06.2024

31-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi ýazýar.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl bu çäräni türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherinde guramak meýilleşdirilýär.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde döwlet Baştutanynyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň taýsyz tagallalary esasynda türkmen medeniýetini ösdürmek, milli mirasy gorap saklamak, halkara derejede giňden wagyz etmek üçin ähli zerur şertler we mümkinçilikler döredilýär.

Wise-premýer Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde dürli çäreleriň guraljakdygyny aýdyp, onuň meýilnamasynyň taslamasyny Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlap, Medeniýet hepdeligini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

«Bu döwürde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere aýratyn ähmiýet berilmelidir» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany şeýle-de wise-premýere milli medeniýeti ösdürmek, milli mirasy gorap saklamak hem-de halkara derejede giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda görkezmeleri berdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi