29-njy maýda Rim şäherinde «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatyndaky ministrler konferensiýasy geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, hususan-da sebitleýin hem-de ählumumy durnuklylygy saklamak we pugtalandyrmak meselesinde, halkara giňişliginde özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýokarda agzalan forumyň çäklerinde üç sany tematiki bölümçeler geçirildi: «Geçiş energiýasy we ählumumy çagyryşlar», «Baglanşyk» и «Ýokary bilim we bilim ulgamlary».
Taraplar «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatynyň çäklerinde ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygy beýan etdiler. Şu nukdaýnazardan orta möhletli hereketleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamaga ylalaşdylar.