Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Ahalyň» futbolçylary Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyryldy
31.05.2024

Türkmenistanyň futbol futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Dünýä çempionaty ― 2026-nyň we Aziýanyň kubogy ― 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Özbegistanyň we Gonkongyň ýygyndylary bilen geçiriljek duşuşyklar üçin milli ýygynda oýunçylary çagyrdy.

Jemi 24 futbolçydan ybarat düzümde «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol toparyndan 7 oýunçy bar.

Olar:

Derwezeçi: Rüstem Ahallyýew;

Goragçylar: Hakmuhammet Bäşimow, Ata Geldiýew;

Ýarymgoragçylar: Alibek Abdyrahmanow, Ýazgylyç Gurbanow;

Hüjümçiler: Elman Tagaýew, Akmämmet Metdäýew.

«Ahalyň» futbolçylary hemişe-de milli ýygyndyda esasy düzümde meýdana çykýarlar. Olar özleriniň başarnygy bilen milli ýygyndynyň gazanýan oňyn netijelerine goşant goşýarlar.

Häzirki wagtda türkmen ýygyndysy Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. 26-njy maýda başlanan ýygnanyşyk 4-nji iýuna çenli dowam eder. Mergen Orazowyň şägirtleri 6-njy iýunda myhmançylykda Özbegistanyň, 11-nji iýunda bolsa Aşgabat şäherinde Gonkongyň ýygyndysy bilen duşuşar.