Döwlet Dumasynyň wekilleri Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi bilen Eýranyň arasyndaky erkin söwda şertnamasyny tassykladylar. 2018-nji ýyldan bäri hereket edýän wagtlaýyn şertnamanyň ornuny tutjak ylalaşyga 2023-nji ýylyň ahyrynda gol çekilendigini «Kommersant» beýan edýär.
– Täze şertnamalar Russiýanyň bütin eksportyna diýen ýaly täsir edýär we söwda şertlerimizi ep-esli gowulandyrýar — diýip, Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Wladimir Iliçýew belledi.
Ykdysadyýet ministrliginiň habaryna görä, ileri tutulýan ugur Russiýanyň Eýrana haryt eksportynyň 60 %-e golaý bolan bölegini eýeleýär. Wagtlaýyn şertnama gol çekileninden soň, Eýran bilen söwda dolanyşygy dört ýylda iki esse artdy: 2019-njy ýylyň 2,1 milliard dollarlyk görkezijisinden 2023-nji ýylyň 4,1 milliard dollarlyk netijesine çenli.
Ylalaşygyň tassyklanmagy bilen rus önümlerinden alynýan ýygymlaryň ortaça mukdary takmynan dört esse azalar (4,5% çenli).