Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmen ilçisi Katar Döwletiniň Şura Geňeşiniň başlygy bilen ikitaraplaýyn ykdysadyýet we maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy
29.05.2024

28-nji maýda Türkmenistanyň Katar döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow bilen Katar döwletiniň Şura Geňeşiniň başlygy Hasan bin Abdullah Al-Ganimiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär. 

Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda we ykdysadyýet, maýa goýum, medeniýet, syýahatçylyk, şeýle hem ulag-aragatnaşyk ugurlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Halkara guramalaryň we gurluşlaryň çäklerindäki türkmen-katar parlamentara gatnaşyklar söhbetdeşligiň aýratyn bölegi boldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky parlamentarа hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, parlamentler, olaryň komitetleri we toparlary derejesinde gatnaşyklary berkitmek, bilelikdäki çäreleri guramak, şeýle hem parlamentleriň wekiliýetlerini alyşmak babatynda teklipler hödürlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň işiniň ähmiýeti bellendi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi