Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iberiler
28.05.2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji iýuny — 9-njy iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin, 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi