Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky önümçilik desgalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň zerurdygy bellenildi
27.05.2024

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Degişli meýilnamada kesgitlenen esasy wezipelere laýyklykda, tehnologik enjamlary abat ýagdaýda saklamak, nebit geçirijileriň durkuny täzelemek, çykarylýan «gara altyny» ygtybarly akdyrmak, ýurdumyzyň käbir gaz gysyjy beketlerinde, nebiti gaýtadan işleýän desgalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, durkuny täzelemek hem-de täzelerini gurmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ugurdaş düzümleri tehniki enjamlar bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky önümçilik desgalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle-de wise-premýere nebiti gaýtadan işleýän desgalaryň tehniki ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamak, zerur bolan ýagdaýynda, olarda abatlaýyş işleriniň geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi