Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
25.05.2024

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki mejlisiň GDA-nyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de öňde boljak duşuşyklaryň türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik, şeýle hem Arkalaşygyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan GDA-nyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny hemmetaraplaýyn goldaýar, özara bähbitli gatnaşyklaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň has işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň türkmen we täjik halklarynyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýandygyny aýtdy. Iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň sentýabrynda Täjigistana bolan iş saparynyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprelinde dostlukly ýurda amala aşyran resmi saparynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunda şol saparlaryň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň, gol çekilen resminamalaryň strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik dialogynyň mundan beýläk-de ilerledilmegine uly itergi berendigi bellenildi.

Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistana amala aşyran saparlarynyň döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Söwda-ykdysady ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynda, şol sanda senagat, ulag, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda bar bolan mümkinçilikleri kesgitlemek üçin ýeterlik kuwwatynyň bardygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ulgamyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny nygtap, ýurtlarymyzyň medeniýet, sungat, ylym, bilim ulgamlarynda bilelikde işlemek we tejribe alyşmak üçin uly mümkinçiliklere eýedigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, myhman Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň gurulmagynyň bilim ulgamyndaky netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi.

Pursatdan peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri döwlet Baştutanymyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar bilen gutlap, “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda beýleki halklaryň görnükli wekilleriniň heýkelleri bilen birlikde, täjik şahyry Saýido Nasafiniň hem heýkeliniň ýerleşdirilmeginiň örän guwandyryjydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz doganlyk halklaryň abadançylygynyň bähbidine Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy ugur edinýändigini belläp, Prezident Emomali Rahmona mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi