Paýtagtymyzda açylan “Ak şäher Aşgabat” atly XXIII halkara sergä “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy hem gatnaşýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy tarapyndan “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasy teklip edilýär.
Ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäklerinde ýerleşjek bu awtomobil ýolunyň uzynlygy takmynan 450 km-e barabar bolar.
Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ini 27,5 metr bolan 4 zolakly ýol bolup, onuň gatnaw bölekleri biri-birinden ýörite bölüji zolak bilen bölüner.
Häzirki wagtda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň geçjek ýerleri öwrenilýär hem-de bu ýoluň we onuň desgalarynyň şekil taslamalary taýýarlanylýar.