Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisi öz işine başlady
24.05.2024

Her ýyl Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralýan halkara sergide ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, şol sanda paýtagtymyzyň ýeten belent sepgitleri ýörite diwarlyklarda görkezilýär.

Sergide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi hem çärä gatnaşyjylary özüniň birnäçe hyzmatlary bilen tanyşdyrar. Agentligiň diwarlygynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hödürleýän hyzmatlarynyň giň toplumy, degişli çözgütler hem-de ýurdumyzyň şu ugurda ýeten belent sepgitleri bilen utgaşdyrylar.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda ýolagçylara hödürlenýän awtoulag hyzmatlary yzygiderli artdyrylýar. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilip durulmagy şol hyzmatlaryň ýokary derejesiniň üpjün edilmegini şertlendirýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ilatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan döwrebap awtobuslaryň sowgat hökmünde gowşurylmagy hem bu hakykatyň aýdyň görkezijisidir. Nobatdaky sergi hem ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň özenini düzýän şeýle tagallalaryň beýanyna öwrüler.