Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti döwrebap ýolagçy awtobuslaryny halkymyza sowgat berdi
23.05.2024

22-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasy guraldy. Dabaralaryň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslaryny sowgat etmegi hemmeleriň buýsanjyny goşalandyrdy. Munuň özi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň görkezijisine öwrülen taryhy ähmiýetli wakalaryň üstüni ýetirdi.

Şeýlelikde, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ýolagçy awtobuslarynyň ýüzlerçesi gowşuryldy. «TOYOTA HIACE» kysymly kiçi synply döwrebap awtobuslar we «TOYOTA COASTER» kysymly orta synply awtobuslaryň gowşurylmagy bilen «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýady has-da kämilleşdirildi. Bu awtobuslaryň şäherýaka ugurlary boýunça hereket etmegine garaşylýar.

Açylyş dabarasyna gatnaşyjylar bu ajaýyp sowgat üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyklaryny beýan etdiler.

Çeşme:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi