Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Aşgabatda agyz suwuny arassalaýjy täze desganyň açylyş dabarasy boldy
22.05.2024

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kuwwatlylygy bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda amala aşyryldy.  

Desganyň suw üpjünçiligi Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän, göwrümi 1 million kub metr bolan açyk görnüşli suw howdanyndan gözbaş alýar. Howdanda tebigy usulda durlanan suw birinji suw göteriji bekediň awankamerasyna özakymly akyp gelýär. Bu beketde dünýäniň öňdebaryjy «KSB» kompaniýasynyň enjamlary ornaşdyryldy. Soňra suw agyz suwuny arassalaýjy desgasyna iberilýär, zyýansyzlandyrylýar we süzgüç howuzlaryna akdyrylýar.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde ulanylan tehnologiýalar Ýewropa Bileleşiginiň «Iň gowy tehnologiýalar» we «Iň gowy ekologik tejribeler» resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelýär. Bu desgadan alnan we barlaghanalarda seljerilen suwuň düzümi Türkiýäniň standartlaryna, Halkara standartlaşdyrma guramasynyň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň standartlaryna laýyk gelýär. Munuň özi bu suwuň daşky gurşaw we adamyň saglygy üçin zyýansyzdygyny subut edýär. Bularyň ählisi degişli Güwänamada öz beýanyny tapdy.

Aşgabat şäherinde döwrebap «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň ulanyşa girizilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň täze taryhynda ýene bir möhüm sahypany açyp, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi