Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanda öndürilýän nebithimiýa önümlerine isleg ýokary
22.05.2024

20-nji maýda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýeňil senagatyň hem-de nebithimiýa pudagynyň önümleri ýerlenildi.

Owganystanyň we Germaniýanyň telekeçileri “B” kysymly karbamidi hem-de “SN-600” kysymly binýatlyk ýagy satyn almak üçin “Türkmenhimiýa” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri bilen geleşikleri baglaşdylar.

Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügini we nah galyndylaryny satyn almak boýunça türkmen kompaniýalary bilen geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy ABŞ-nyň 4 889 050 dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.