Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Birža söwdalarynda "B" kysymly karbamid ýokary islege eýe boldy
22.05.2024

21-nji maýda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri "Türkmenhimiýa" Döwlet Konserninden "B" kysymly karbamidy satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 34 280 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.