Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Bal­ka­na­bat ne­bit­çi­lik or­ta hü­när okuw mek­de­bi «Açyk gapylar» gününi geçirýär
21.05.2024

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi 2024-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary orta hünär okuw mekdebi bilen tanyşdyrmak üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýändigini habar berýär.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilişi, orta hünär bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, medeniýetli dynç almak, dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar.

«Açyk gapylar» güni orta hünär okuw mekdebinde 2024-nji ýylyň 21-nji we 25-nji maýynda sagat 15:00-da başlanýar.

«Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň Bal­ka­na­bat ne­bit­çi­lik or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi 11-nji jaýy.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon­lar: 3-12-20; 7-01-25; 7-01-26

Elekt­ron sal­gy­sy: bnohom@turkmennebit.gov.tm, balkanabatohom@sanly.tm, balkanabatohom@online.tm

Web-saý­ty: balkanabatnohom.edu.tm