Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
HNGU-da sagdyn durmuş ýörtelgelerine bagyşlanan dabaralar geçirildi
21.05.2024

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-da sagdyn durmuşy dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresine bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary guramaçylykly gatnaşdylar.

Çärä gatnaşan myhmanlardan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, kärdeşler arkalaşygyň, ýaşlar guramasynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, zyýanly endiklerden daşda durup, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak sagdyn durmuşyň baş şertidir. Garaşsyz ýurdumyzda sport-sagaldyş ulgamyny höweslendirmek we kämilleşdirmek, onuň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirildi. Bilim, terbiýeçilik edaralarynda — umumybilim, başlangyç we orta hünär mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda döwrebap derejede enjamlaşdyrylan sport zallary, meýdançalary bar. Sagdyn durmuş ýörelgesi, adamlaryň boş wagtyny netijeli geçirmekligi göz öňünde tutulyp, ýaşaýyş jaý toplumlarynda, olar bilen ýanaşyk çäklerde ýörite meýdançalar gurulýar.

Geçirilen wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň prorektory Batyr Mämmedow sport bilen meşgullanmak üçin döredilen amatly şertler, bar bolan sport desgalaryndan talyplaryň netijeli peýdalanyşy, döwlet we halkara derejesindäki ýaryşlara ukyply, zehinli talyplaryň işjeň gatnaşygy, olaryň üstünlikleri barada çykyş etdi hem-de döredilýän hemmetaraplaýyn mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.