Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
TNGIZT-de 1,4 million tonna çig mal gaýtadan işlenildi
21.05.2024

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen ýanwar-aprel aýlarynda gelip gowşan 1 million 442 müň tonna golaý nebit çig malynyň 1 million 438,7 müň tonnasy gaýtadan işlenilip, bellenilen meýilnamalar, degişlilikde, 12 müň 286 tonna we 17 müň 643 tonna barabar artygy bilen berjaý edildi.

Hasabat döwründe taýýarlanylan awtoulag benzinleriniň dürli görnüşleriniň umumy möçberi bolsa 440 müň tonna golaýlady. Şeýle hem geçen dört aýda toplumda kerosin öndürmegiň meýilnamasyna 106,2 göterim, dizel ýangyjy babatda 100,1 göterim, çalgy ýaglary boýunça 110,1 göterim amal edildi.

Bu häzirki zaman zawodlar toplumynda şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda daşarky bazarlarda iň bir geçginli önümleriň hatarynda durýan suwuklandyrylan gazy taýýarlamagyň tabşyrygynyň 257 göterim berjaý edilendigini bolsa aýratyn nygtamak gerek.

Kärhanada nebit bitumyny taýýarlamagyň meýilnamasy hem iki esse artygy bilen berjaý edildi. «Türkmenistanda öndürildi» diýen buýsançly belgi bilen taýýarlanýan nebithimiýa önümleriniň ähli görnüşleri diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarlarda hem iň bir islegli harytlaryň hatarynda durýar.