18-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň arasynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmanlary türkmen parlamentiniň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.
Söhbetdeşlikde parlamentara gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi bellenildi. Ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kanunçykaryjylyk we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellendi. Şeýle hem taraplar gender deňligini üpjün etmegiň kanunçylyk binýady, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda zenanlaryň orny, olar üçin döredilýän giň mümkinçilikler, milli-medeni mirasy öwrenmek, goramak we olary geljek nesillere ýetirmekde zenanlaryň bitirýän bimöçber işleri barada pikir alyşdylar.
Söhbetdeşler türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Çeşme: Türkmenistanyň Mejlisi