17-nji maýda agşam paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy.
Dabaraly çärä gatnaşmak üçin Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar we halk köpçüligi toplumyň baş girelgesiniň öňündäki meýdança ýygnandylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahata we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar, Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň wekiliýetiniň agzalary bar.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gelýär. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler.
Bu ýerde ýurdumyzyň teatr we tans toparlarynyň, tanymal aýdymçy-sazandalarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi dabara aýratyn many-mazmun berýär. Bu goşgyny Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň 17-nji awgustynda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň dowamynda ilkinji gezek şu künjekde okandygyny bellemek gerek. Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde şol wagtky alnyp barylýan işler hem-de ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli taslamalar bilen tanyşdy. Çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz şahyryň ýubileýi barada oýlanyp, bu ajaýyp setirleri ýazdy...
Joşgunly çykyşlary üçin artistlere minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz ýörite bellenen ýere geçýär we ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenýär.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary türkmen halkynyň beýik ogly, ähli döwürleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar durmuş, uly üstünlikleri arzuw etdi.
Dabaranyň iň şowhunly pursady ýetip gelýär: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyga gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we Köpetdagyň eteginde ýerleşýän, bagy-bossanlyga bürenip oturan medeni-seýilgäh toplumyny açýar. Şol pursatda dürli reňkdäki şarlar asmana göterilýär.
Bu toplum üç asyr geçse-de, döredijiligine tutuş dünýäde sarpa goýulýan we tanalýan türkmen halkynyň şöhratly oglunyň zehinine belent hormatyň hem-de söýginiň beýanydyr. Ähli adamzadyň tutuş Gündogaryň, dünýä medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry sarpalaýandygyny we hormatlaýandygyny bellemek gerek.
Soňra döwlet Baştutanymyz we çärä gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine tarap ugradylar. Ýol ugrunda ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Dürli ýurtlara we yklymlara wekilçilik edýän meşhur nusgawy şahyrlaryň, dünýä belli akyldarlaryň heýkellerini bir ýere jemleýän seýilgäh toplumyň binagärliginiň aýratyn täsin bölegini emele getirýär. Olaryň hormatyna oturdylan ýadygärlikler dost-doganlygy, halklaryň hoşniýetli goňşuçylygyny alamatlandyrýar. Bu ýörelgeleri Magtymguly Pyragy öz öçmez-ýitmez eserlerinde ündäpdir.
Şeýlelikde, bu ýerde Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alyşir Nowaýy ýaly meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleri ýerleşýär. Heýkelleriň her biri keşpleriň häsiýetli taraplaryny şöhlelendirýär we inçelik bilen işlenen köptaraply şekiller olaryň döredijiliginiň aýratynlygyny açyp görkezýär.
Heýkelleriň töwereginde döredijilik toparlary eserleri dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ajaýyp söz ussatlarynyň döredijiligini beýan edýän edebi-sazly kompozisiýalary ýerine ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we dabaranyň myhmanlary suw çüwdürimler toplumynyň öňündäki meýdançada türkmen estrada aýdymçylarynyň «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» atly aýdymy ýerine ýetirýän çykyşyna tomaşa edýärler.
Seýilgähdäki oturgyçda ýaşuly nesliň wekilleriniň öz agtyklaryna türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazan kitaplaryny okap berýändiklerini görmek bolýar. Golaýda talyplar gazet-žurnallara göz aýlaýarlar, ýaşlar wagtlaryny peýdaly geçirýärler, suratçylar seýilgähde dynç alýanlaryň suratlaryny alýarlar, suratkeşler tebigatyň gözelligini şekillendirmäge synanyşýarlar...
Seýilgähiň iki tarapynda çeper suratlaryň, heýkelleriň, keramika we haly önümleriniň sergisi guraldy.
Seýilgäh toplumynyň çägindäki meýdançada ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary tarapyndan «Toý mekany» atly aýdym ýerine ýetirilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz we dabara gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegindäki meýdança geldiler. Ýol ugrunda Watanymyzy wasp edýän edebi-sazly çeper kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we çärä gatnaşyjylar basgançaklar arkaly türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeline tarap ugradylar.
Tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň “Türkmeniň” goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Medeni-seýilgäh toplumynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny bellemek gerek. Häzirki zaman yşyklandyryş enjamlary we lazer şöhleleri arkaly Magtymguly Pyragynyň heýkeli ýagtylandyrylýar hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabyndan beýik söz ussady baradaky: “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir” diýen setirler baýyrlaryň ýüzünde şöhlelendirilýär.
Basgançaklaryň her aralygynda ýurdumyzyň welaýatlaryny alamatlandyrýan bäş sany haly gölüniň şekilinde bezelen ýörite sahna meýdançalary gurlupdyr. Bu ýerde teatr artistleri meşhur türkmen şahyrlary Seýitnazar Seýdiniň, Nurmuhammet Andalybyň, Mollanepesiň, Gurbandurdy Zeliliniň we Mätäjiniň keşbinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgulary okaýarlar, aýdymçylar çeper sözüň beýik ussadynyň goşgularyna döredilen «Gidiji bolma», «Näme sen?», «Mert bolmaz», «Bady-sabany görsem», «Bu gün» atly aýdymlary ýerine ýetirýärler.
Soňra döwlet Baştutanymyz we dabaranyň myhmanlary türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýdular.
Beýik şahyryň geljek nesillere goýup giden baý medeni mirasy häzirki wagtda umumadamzat gymmatlygy bolup, öz hak mirasdüşerlerine — häzirki bagtyýar nesillere gelip ýetdi. Şahyryň eserleri dünýäniň onlarça diline terjime edildi we aýry neşirler görnüşinde çap boldy. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsiniň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem genji-hazynasydygynyň aýdyň güwäsidir. Beýik akyldaryň berkarar döwlet baradaky arzuwlary bu günki gün hasyl boldy. Özygtyýarlylyga eýe bolan türkmen halky häzirki döwürde abadan ýurdumyzda ýaşaýar we döredýär. Türkmenistan gün-günden kuwwatlanyp, dünýäniň iň abraýly döwletleriniň birine öwrüldi...
Dabaranyň ahyryndaky dronlaryň şüweleňi «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasynyň ýatdan çykmajak pursatlaryna öwrüldi. Yşyklar we dürli şekiller, aýdym-saz bilen utgaşdyrylan çykyş ajaýyp tomaşany, täsirli pursatlary döretdi.
Soňky ýyllarda öňdebaryjy tehnologiýalar ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna, şol sanda medeniýet ulgamyna hem işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilýän dabaralaryň täzeçil usullary ulanmak arkaly, ýokary derejede guralmagyna innowasion taýdan çemeleşilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyndaky möhüm wakalaryň birine öwrülen şu günki çäre mynasybetli guralan ajaýyp feýerwerk agşamky asmany täsin şekiller bilen bezäp, dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.