Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Hökümet mejlisinde nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreler maslahatlaşyldy
20.05.2024

17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna nebitiň, tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan Lebap we Mary welaýatlarynyň çäginde ýerleşýän meýdançalarda buraw işleri geçirilýär. Munuň özi tebigy gaza baý bolan meýdançalary ýüze çykarmaga, onuň çykarylýan möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberiniň çykarylmagyna uly üns berilýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.