Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Magtymguly» atly täze kitap çapdan çykdy
20.05.2024

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz kitabyň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza ibermegi makul bilendigini aýdyp, bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.

— Biz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly belläp geçeris. Bu baýramçylyk Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde bize egsilmez güýç-kuwwat berýär, jebisligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy we ýygnananlary hem-de ähli halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, beýik şahyryň ýubileýi mynasybetli “Magtymguly” atly kitabyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli asylly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.