Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
160-dan gowrak kärhana “Ak şäherim Aşgabat” halkara sergisine gatnaşar
19.05.2024

24-25-nji maýda geçiriljek “Ak şäherim Aşgabat” XXIII halkara sergisine 160-dan gowrak içerki we daşary ýurt kompaniýalary, kärhanalary, hususy telekeçileri, işewürleri gatnaşar.

Sergide gurluşyk, binagärlik we dizaýn, şäher baş meýilnamasy, tehnologiýa, ýaşyl ösüş we türkmen paýtagtynyň ýaşaýyş gurşawyny kesgitleýän köp zatlar bolar.

Her ýyl geçirilýän sergi Aşgabat şäher gününe bagyşlanýar. Paýtagtda täze desgalaryň açylyş dabarasy hem bu senä meýilleşdirilýär. Çoganly sebitinde agyz suwy arassalaýjy zawod we 136 iki gatly ýaşaýyş jaýy ulanyşa berler, bu 17-nji maý, anna güni türkmen hökümetiniň ýygnagynda yglan edildi.