Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Ahal» dokuzynjy ýeňşini gazandy
17.05.2024

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde 9-njy ýeňşini gazandy. Topar Ýokary liganyň 15-nji tapgyrynyň çäginde Balkanabadyň «Nebitçisini» 4:0 hasabynda ýeňdi.

23-nji minutda Akämmet Metdäýew bilen açylan gol perdesinden soň 59-njy minutda toparyň kapitany Elman Tagaýew 11 metrlik jerime urgusyny dürs peýdalanyp, hasaby 2:0-a çykardy. Şondan soňky gollarda bolsa geçen möwsümiň gahrymanlarynyň biri Gurbanmuhammet Esenow sahna çykdy. Ol 62-nji we 85-nji minutlarda tapawutlanyp, «Ahalyň» uly hasapda ýeňiş gazanmagyna sebäp boldy.

Bu ýeňişden soň utugyny 28-e çykaran «Ahal» ikinji orundaky ýerini goraýar, 12 utukly «Nebitçi» bolsa ýedinji orunda galdy.

“Ahal” – “Nebitçi” – 4:0

Gollar: 23 Akmämmet Metdäýew, 59 (11 m.j.u.) Elman Tagaýew, 62, 85 Gurbanmuhammet Esenow.