Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Penşenbe güni, birža söwdalarynda "Türkmennebit" Döwlet Konserniniň önümleri hem-de nah ýüplükler ýokary islege eýe boldy
17.05.2024

Penşenbe güni, 16-njy maýda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Özbegistan, Gruziýa, Owganystan döwletiniň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “BND 60/90” kysymly nebit ýol bitumyny "TS-1" kysymly uçar kerosinini hem-de “KO-20” kysymly yşyklandyryjy kerosini, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan nah ýüplükleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “BND 60/90” kysymly nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 625 000,00 manada, 2 170 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.