Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Gidro plýus» dizel ýangyjyny öndürmek tehnologiýasyny önümçilige girizildi
17.05.2024

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ylmy esaslaryny berkitmek, mineral, gidromineral we uglewodorod çig mallaryny ähli taraplaýyn gaýtadan işlemek üçin, innowasiýa ösüşlerini girizmek boýunça köp iş edýär.

Institutyň hünärmenleri «Türkmenhimiýa», «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, dürli ministrlikler we müdirlikler, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary, alymlar bilen ykdysady şertnama esasynda hyzmatdaşlyk etmek arkaly öz innowasion açyşlaryny ornaşdyrmakda uly tejribe topladylar.

Ýakynda himiýa ylymlarynyň doktory Myratdurdy Keýmirowyň ýolbaşçylygyndaky «Nebit-gazyň himiýasy we tehnologiýasy» barlaghanasynyň alymlary we hünärmenleri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünärmenleri bilen bilelikde kämilleşdirilen we gidrotämizleýiji «Gidro plýus» dizel ýangyjyny öndürmek tehnologiýasyny önümçilige girizdiler. Alymlar tarapyndan teklip edilen usulda öndürilen ýangyç düzümi we hil aýratynlyklary boýunça, döwlet tarapyndan şunuň ýaly önüme bildirilýän hil standartynyň talaplaryna laýyk gelýär.

Dizel ýangyjy alymlaryň öndürijiler bilen hyzmatdaşlykda işläp düzen tehnologiýasy esasynda öndürilende, alynýan önümiň möçberi 15% artýar we hili ýokarlanýar. Önüm ähli möwsümlerde ulanmak üçin kämilleşdirilipdir, netijede ol özüni ulanýan enjamyň içinden ýandyrylýan hereketlendirijisiniň ömrüni uzaldýar.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»