Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy Astanada geçiriler
16.05.2024

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy şu ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýa döwletleriniň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlary bilen geçiren duşuşygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görülýändigini habar berdi.

– Şu günki duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlygyň möhüm tapgyrlarynyň biri bolup durýar – diýip metbugat beýanatynda bellenildi.

Gazagystanyň Prezidenti öz ýurdunyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny kabul ediji ýurt hökmünde öňde boljak sammite uly taýýarlyk görýändigini belledi we “Merkezi Aziýa-2040” sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek strategiýasynyň işlenip düzülýändigini aýtdy.

Şeýle hem Tokaýew Merkezi Aziýa döwletlerini Gazagystanda bolup geçen suw joşmalary tebigy betbagtçylygy zerarly iberen kömekleri we beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi.