Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçiriler
15.05.2024

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Aşgabatda “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahat geçiriler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bu waka mynasybetli geçiriljek maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Raşid Meredowyň habar bermegine görä, forumyň mowzuklaýyn mejlislerinde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, howpsuzlyk, söwda, bilim we “ýaşyl” energetika ulgamlarynda özara hyzmatdaşlyk, bu ugurlarda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri ÝB tarapyndan bu ugurda amala aşyryljak täze taslamalar bilen tanyşdyrmak boýunça metbugat maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, forumyň çäklerinde “2024 — 2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy gönükdirilen çäreler we syýasy dialog” atly taslamany amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, bu ugurda guraljak maslahaty hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. 

Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.