Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekiliýetiniň arasynda iş duşuşygy
10.05.2024

Maý aýynyň 8-ine Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen  «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekiliýetiniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga “Vostalpine Tubulars GmbH & Co KG” kompaniýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Işjeň häsiýetde geçen duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, Awstriýanyň kompaniýalarynyň hödürleýän täze innowasion tehnologiýalaryny Türkmenistanda ornaşdyrmak bilen bagly meselelere seredildi. Duşuşykda nebitgaz pudagyna awstriýa kompaniýalarynyň uly gyzyklanma bildirýändiklerini we bu ugurda uly mümkinçilikleriň bardygyny beýan edildi. Türkmen- Awstriýa jemgyýetiniň bu ugurda yzygiderli degişli çäreleriň geçirýändigini bellediler.

Mundan başga-da duşuşygyň dowamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem awstriýa kompaniýasynyň bu babatda teklipleri diňlenildi.