Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Owganystan Türkmenistana mermer we armatura eksport eder
10.05.2024

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky hususy pudagyň wekilleri Owganystanyň Hyrat welaýatynda saparda boldular. Şol saparyň çäklerinde iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda birnäçe şertnamalara gol çekildi.

Owgan metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistan Owganystandan uly möçberde armatura we mermer satyn alar.

Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Nuriddin Azizi ýerli metbugata beren beýanatynda türkmen we owgan işewürleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistana 150000 tonna armatura we 100000 kubmetr mermer eksport ediljekdigini habar berdi.

Ministriň bellemegine görä, bu agzalýan önümleriň Türkmenistana eksportunyň ýakyn wagtda amala aşyryljakdygy bellenildi.

Gurluşyk armaturasy we mermer Owganystanyň diňe bir özüni üpjün etmän, eýsem artykmaç bölegini daşary ýurt bazaryna eksport etmäge mümkinçilik döredýän harytlaryň hatarynda durýar.