Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Моя планета» teleýaýlymy Türkmenistan barada dokumental film döretmekçi
09.05.2024

Russiýanyň «Моя планета» teleýaýlymy Türkmenistan barada dokumental film döretmekçi. HHM berýän habaryna görä, 10-njy maýda teleýaýlymyň kino işgärleriniň Aşgabat şäherine gelmegine garaşylýar.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, Russiýanyň «Моя планета» 24 sagatlyk teleýaýlymynyň esasy mazmuny syýahatçylyk baradaky dokumental filmlerden, dünýä ýurtlarynyň medeni we taryhy ýadygärlikleri baradaky gepleşiklerden ybaratdyr.