5-nji maýda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň iki mugallymyndan hem-de iki talybyndan ybarat türkmen wekiliýeti Awstriýanyň Grask tehniki uniwersitetinde iş sapary bilen gitdiler.
Saparyň maksady Awstriýa uniwersitetiniň ylmy işleri bilen jikme-jik tanyşmakdan, bilelikdäki gözlegleri geçirmekden, daşary ýurt tejribesini öwrenmekden we geljekde özara gatnaşyk etmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Iş saparynyň ilkinji günlerinde türkmen wekilleri Elektrotehniki we maglumat tehnologiýasy fakultetiniň Elektronika institutynyň hem-de Grask tehniki uniwersitetiniň kompýuter ylymlary we biolukmançylyk inženeriýasy fakultetiniň neýrotehnologiýalar institutynyň ylmy barlaghanalaryna baryp gördüler. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti habar berdi.
Grask uniwersitetinde bolmaklarynyň dowamynda türkmen mugallymlary we talyplary awstriýaly kärdeşleri bilen bilelikde ýakyn elektromagnit şöhlelenmesini ölçemek, kelle beýnisiniň berýän alamatlaryny ýüze çykarmak üçin abzallary işläp taýýarlamak, şeýle hem antennalary, güýçlendirijileri dürli maksatly elektron enjamlary gurnamak we beýleki ugurlar bilen baglanyşykly ylmy barlaglary geçirdiler. Oňyn işleriň netijesinde barlaglara gatnaşanlar bu ulgamlarda bilelikde işlemegiň uly tejribesini gazandylar.
Duşuşygyň şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Grask tehniki uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak maskady bilen gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde geçirilýändigini bellemek gerek.
Türkmen wekiliýetiniň Awstriýanyň ýokary okuw mekdebine sapary 17-nji maýa çenli dowam eder.