Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan bilen Owganystan TOPH taslamasy üçin iş toparyny döreder
09.05.2024

«TAPI Pipeline Company Ltd» konsorsiumynyň baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow Kabul şäherinde Owganystanyň dag-magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Bu barada owgan ministriligi habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi taslamasyny durmuşa geçirmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şahabuddin Delawar Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmegiň Owganystan Yslam Emirliginiň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

– TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek, diňe owgan halkyna däl, eýsem Owganystanyň hem-de beýleki 3 ýurduň bähbidine bolar – diýip, ol belledi.

Taraplar taslama işlerini çaltlandyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar we taslamanyň ähli ugurlary boýunça işleri utgaşdyrmak maksady bilen iş toparyny döretmek boýunça ylalaşdylar.

Owganystanyň dag-magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek babatda berýan yzygiderli goldawlary üçin Türkmenistanyň Hökümetine özüniň hoşallygyny bildirdi.