Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Sagdyn durmuş — bagtyýar geljek
07.05.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli pudaklarda ýokary netijeleri gazanmak bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşini ýokary derejelere çykarmakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda tutumly işler amala aşyrylýar. Şeýle-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da giň gerim bilen jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak babatda hem dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ähli zatdan ileri tutulyp, her bir raýatyň saglyk goraglylygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda eziz Diýarymyzda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hili görnetin ýokarlandy. Munuň şeýledigini soňky ýyllaryň içinde açylyp, ulanylmaga berlen saglyk öýleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň, durky täzelenilen saglygy goraýyş edaralarynyň mysalynda hem görmek bolýar. Tutumy uludan tutulýan bu işler täze belentlikleriň badalgasydyr.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda ilatyň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine göterilmegi saglygy goraýyş işgärlerine halkymyza hyzmat edip, ak ýürekden zähmet çekmäge itergi berýär hem-de olaryň öňünde uly wezipeleri goýýar. Bu günki gün halkymyzyň rowaçlygy baradaky aladany esasy ugur edinýän Türkmenistan dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işi ilatymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine öwrüldi. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi

Gahryman Arkadagymyzyň “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi esasynda döredilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň nobatdaky jildi ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ylym-bilim, ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Häzirki wagtda keselleriň öňüni almakda, bejermekde we saglygy dikeltmekde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça ýetilen sepgitler, beden agzalarynyň transplantasiýasy, uly ýaşly adamlaryň saglygyny goramak – geriatriýa gullugyny ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanda 2020 – 2025-nji ýyllar üçin Çaganyň irki ösüşi boýunça milli strategiýany durmuşa geçirmek, Türkmenistanda genom lukmançylygyny ösdürmek, adatdan daşary ýagdaýlarda saglygy goraýyş kömegini guramagyň aýratynlyklary, sanly ulgamy we maglumat howpsuzlygyny ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýaly möhüm wezipeler üstünlikli amal edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýýan wezipelerinden, öwüt-nesihatlaryndan ugur alyp, fitoterapiýany ösdürmek we ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerinden derman serişdelerini taýýarlamak, bu ugurdaky täze tehnologiýalary ýerinde öwrenmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyna giň gerim berilýär.

Türkmen halkynyň bagtyýarlygy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Annamyrat Annadow, 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.

çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/