Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan jemi içerki önümiň adam başyna düşýän mukdary boýunça öňdebaryjy boldy
07.05.2024

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda jemi içerki önümiň ilatyň adam başyna düşýän mukdary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Bu barada «Global Finance» žurnaly tarapyndan taýýarlanylan sanawda mälim edilýär.

Dünýäniň 190 döwletiniň maliýe-ykdysady ýagdaýyna esaslanyp düzülen sanawda bellenilişine görä, Türkmenistanda jemi içerki önümiň ilatyň adam başyna düşýän mukdary 19,7 müň amerikan dollaryna deň bolup, ýurt bu ugurda Merkezi Aziýada ikinji orny eýeleýär. Birinji orundaky Gazagystanda bu görkeziji 34,5 müň amerikan dollaryna deň bolsa, JIÖ-niň jan başyna düşýän mukdary Özbegistanda 10,9 müň amerikan dollaryna, Gyrgyzystanda 6,8 müň amerikan dollaryna hem-de Täjigistanda 5,8 müň amerikan dollaryna barabardyr.

çeşme: https://railway.gov.tm/