Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitçileriň duşuşygynda «Ahal» ýeňiji
06.05.2024

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynda TNGIZT-iň «Şagadam» toparynyň myhmany boldy.
Şu möwsümde bu toparlaryň ikisiniň hem üstünlikli çykyş edip gelýändigini nygtamak gerek. Olaryň özara duşuşygy bolsa «Ahalyň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Has takygy, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň toparyna ýeňiş getiren gollary 55-nji minutda Akmämmet Metdäýew, 88-nji minutda Gurban Annaýew geçirdi.
Bu ýeňişden soň utugyny 24-e çykaran «Ahal» ynam bilen ikinji orny eýeleýär. TNGIZT-iň howandarlygyndaky «Şagadam» topary bolsa 15 utuk bilen ýaryş tertibinde bäşinji orunda barýar.