Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Ýaşlaryň arasynda sanly ulgam usuly-okuw maslahaty geçirildi
06.05.2024

Ýurdumyzyň welaýatlarynda sanlylaşdyrma we ýaşlaryň sanly ulgam sowatlylygy boýunça okuw-usuly maslahatlary geçirilýär.

«Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» şygary astynda geçýän bu maslahatlara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärhanalarda we edaralarda işleýän ýaşlar, ýokary okuw mekdepleriniň we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, umumy bilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary gatnaşýar.

Şunuň ýaly ähmiýetli maslahatlar Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň we Dänew etrabynyň medeniýet merkezlerinde geçirildi. Maslahatlarda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we welaýat geňeşleriniň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri we prokuraturanyň işgärleri çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda «Türkmenistanyň 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady ösüşi we maýa goýum Maksatnamasynda» görkezilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigini, munuň üçin internet çeşmelerini sowatly ulanmagyň ähmiýetini bellediler, onuň ulanylyşyny sazlaýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny aýratynlykda düşündirdiler.

Şeýle hem çykyşlarda ýaşlaryň ýokary hilli döwrebap bilim almagy, şol sanda, internete girmekligi üpjün etmek üçin ähli şertleri döretmek boýunça ýurdumyzda görülýän maksatnamalaýyn çäreler barada-da durlup geçildi. Sanly ykdysadyýeti döretmek maksadyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin kompýuter ulgamlaryny netijeli ulanmagyň ähmiýeti we internetiň mümkinçilikleri aýratyn nygtaldy.

çeşme: https://railway.gov.tm/